- soralmak
- işlik[so:ralmak]1) Sorag bilen birine ýüzlenilmek, sorag berilmek, sorag edilmek.∙ Dogry, menden soralanda, men hem siziň pikiriňizi gaýtaladym. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Weý, oglan, sen näme soralsa: -- Hawa -- diýip dursuň-la! («Tokmak» žurnaly)2) Bir zat almak ýa-da bermek üçin rugsat, ygtyýar alynmak.3) Jogapkärlik talap edilmek.∙ Senden bu zatlar soralmaz diýip pikir etme!
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.